Matthew 22:34-40
Iň uly tabşyryk
(Mark 12:28-34; Luka 10:25-28)
34 Fariseýler Isanyň saddukeýleriň agzyny ýumdurandygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar. 35Olardan bir Töwrat mugallymy Isany synamak üçin: 36«Mugallym, Töwratda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady. 37 aIsa oňa şeýle jogap berdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň. 38Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. 39 bIkinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. 40Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».
Copyright information for
TukLat16