‏ Matthew 22:41-46

Mesih kimiň ogly?

(Mark 12:35-37; Luka 20:41-44)

41 Fariseýler üýşüp durkalar, Isa olardan: 42«Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler. 43Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesihe Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir: 44 a„Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.

45Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» 46Isanyň soragyna hiç kim jogap berip bilmedi. Şol günden başlap, Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Copyright information for TukLat16