Matthew 24:1-21
Dünýäniň ahyrynyň alamatlary
(Mark 13:1-31; Luka 21:5-33)
1 Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ybadathananyň binalaryna guwanyp, ony Isa görkezmek üçin, Onuň ýanyna geldiler. 2Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi. 3Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar. 4Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 5Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih“diýip, ençeme adamlary aldarlar. 6Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 7Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ▼▼Käbir golýazmalarda açlyklar hem gyrgyn keseli.
ýüze çykar. 8Bularyň hemmesi burgularyň başlangyjydyr. 9Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler. 10Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler. 11Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. 12Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. 13Emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler. 15– 16Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin. 17Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 18Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 19Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 20Gaça-gaçlygyňyz gyşda ýa-da Sabat güni bolmasyn diýip dileg ediň. 21Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.
Copyright information for
TukLat16