‏ Matthew 24:23-28

23Şonda biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ýa-da „Anha, ol ýerde“diýse, ynanmaň. 24Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler. 25Ine, Men size öňünden aýtdym.

26Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“diýseler-de, ynanmaň. 27Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar. 28Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler.
Copyright information for TukLat16