Matthew 24:36-44
Bilinmeýän gün we sagat
(Mark 13:32-37; Luka 17:26-30,34-35; 12:41-48)
36Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul ▼▼Ne-de Ogul – bu sözler käbir golýazmalarda ýok.
bilýändir, diňe Ata bilýändir. 37 bNuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. 38Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. 40Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 41Degirmen başynda bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar. 42Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz. 43Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy. 44Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
Copyright information for
TukLat16