‏ Matthew 24:45-51

45Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 46Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 47Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 48Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“diýip, 49ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlar, 50emma ol hyzmatkäriň hojaýyny onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda geler. 51Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».
Copyright information for TukLat16