Matthew 25:14-30
Üç hyzmatkär hakyndaky tymsal
(Luka 19:11-27)
14 Gögüň Şalygy şunuň ýalydyr: bir adam uzak ýola gitmekçi bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyrýar. 15Bu adam olaryň hersiniň başarnygyna laýyk: birine – bäş, beýlekisine – iki, başga birine bir çuwal altyn-kümüş berip, ýola rowana bolýar. 16Bäş çuwal alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişip, ýene bäş çuwal pul gazanýar. 17Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar. 18Bir çuwal alan bolsa gidip, çukur gazýar-da, hojaýynyň beren puluny gömüp gizleýär. 19Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň hojaýyny gelip, olardan hasabat soraýar. 20Bäş çuwal alan hyzmatkär gelip, öňki puluň üstüne ýene bäş çuwal getirýär. Ol: „Hojaýyn! Sen maňa bäş çuwal altyn-kümüş ynanypdyň, ine, men ondan ýene bäş çuwal gazandym“diýýär. 21Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“diýýär. 22Iki çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn! Sen maňa iki çuwal altyn-kümüş beripdiň, ine, men ondan ýene iki çuwal gazandym“diýýär. 23Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyklygyňy görkezdiň, indi men seni beýik işleriň başyna geçirerin. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“diýýär. 24Bir çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn, men seniň gaty özdiýenli adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň. 25Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“diýýär. 26Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň? 27Onda pulumy işewürlere bermeli ekeniň-dä, men hem gelip, ony peýdasy bilen alardym. 28Indi oňa beren bir çuwalymy alyň-da, on çuwalla beriň. 29Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar, emma kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 30Peýdasyz hyzmatkäri daşary, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar“.
Copyright information for
TukLat16