Matthew 26:17-30
Pesah nahary
(Mark 14:12-26; Luka 22:7-20,21-23; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
17 Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 18Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“diýiň» diýdi. 19Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesah naharyny taýýarladylar. 20Agşam Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başyna geçdi. 21Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýdi. 22Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Agam, men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar. 23Isa hem olara: «Elini Meniň bilen bir okara batyran Maňa haýynlyk eder. 24Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi. 25Oňa haýynlyk eden Ýudas: «Mugallym, men bir dälmikäm?» diýip sorady. Isa hem oňa: «Özüň aýtdyň» diýdi. 26Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. 27Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň şägirtlerine berip: «Şundan hemmäňiz içiň. 28Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir ▼▼Ähtdir – käbir golýazmalarda täze ähtdir.
. 29Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 30Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
Copyright information for
TukLat16