‏ Matthew 26:31-35

Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar

(Mark 14:27-31; Luka 22:31-34; Ýohanna 13:36-38)

31 aSoňra Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz şu gijäniň özünde Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“diýip ýazylgydyr. 32Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. 33Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men asla ýüz öwürmerin» diýdi. 34Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. 35Emma Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin!» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
Copyright information for TukLat16