‏ Matthew 26:36-46

Getsemani bagynda

(Mark 14:32-42; Luka 22:39-46)

36Soňra Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Isa olara: «Siz bu ýerde garaşyň, Men hol ýere gidip, Hudaýa doga etjek» diýdi. 37Isa Petrusy, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany ýanyna aldy. Ol tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady. 38Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. 39Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.

40 Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi? 41Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.

42 Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!» 43Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. 44Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi. 45Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. 46Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Copyright information for TukLat16