Matthew 26:47-58
Isa tutulýar
(Mark 14:43-50; Luka 22:47-53; Ýohanna 18:3-12)
47 Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. 48Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur» diýip gepleşipdi. 49Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 50Isa hem oňa: «Dostum, hany, näme etjek bolsaň et» diýdi. Edil şol wagt adamlar Isany tutup, ele saldylar. 51Isanyň ýanyndakylaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. 52Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler. 53Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer. 54Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!» 55Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. 56Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.Isa mejlisiň öňünde
(Mark 14:53-65; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)
57 Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, Töwrat mugallymlary bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar. 58Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol içeri girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, sakçylar bilen bile oturdy.
Copyright information for
TukLat16