‏ Matthew 26:57-68

Isa mejlisiň öňünde

(Mark 14:53-65; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)

57 Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, Töwrat mugallymlary bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar. 58Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol içeri girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, sakçylar bilen bile oturdy. 59Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar. 60Köp ýalançy şaýatlar geldi, emma Oňa garşy hiç zat tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki sany ýalançy şaýat gelip: 61«Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“diýdi» diýip habar berdi. 62Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi. 63Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi. 64 aIsa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi. 65Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. 66Näme karara gelýärsiňiz?» diýdi. Olar: «Ol ölüme mynasyp!» diýip jogap berdiler. 67Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa: 68«Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.
Copyright information for TukLat16