‏ Matthew 26:69-75

Petrus Isany inkär edýär

(Mark 14:66-72; Luka 22:56-62; Ýohanna 18:15-18,25-27)

69Petrus bolsa daşarda, howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen hem jelileli Isa bilen bilediň» diýdi. 70Emma Petrus muny hemmeleriň öňünde inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi. 71Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi. 72Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol adamy tanamok» diýip ant içdi. 73Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi seniň gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler. 74Şonda Petrus ant içip: «Hudaý ursun! Men ol adamy tanamok» diýdi. Edil şol wagt horaz gygyrdy. 75Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.
Copyright information for TukLat16