‏ Matthew 27:11-31

Isa Pilatyň öňünde

(Mark 15:2-5; Luka 23:3-5; Ýohanna 18:33-38)

11 Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi. 12Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi. 13Onsoň Pilat Ondan: «Seniň garşyňa berilýän munça şaýatlyklary eşitmeýärsiňmi?» diýip sorady. 14Isa onuň ýekeje soragyna hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy.

15Her Pesah baýramynda häkim halkyň haýyşy bilen bir tussagy boşatmagy adat edinipdi. 16Şol wagtlar Ýeşuwa Barabbas
Ýeşuwa Barabbas – käbir golýazmalarda Ýeşuwa diýen söz ýok, şeýle hem 17‑nji aýatda.
diýen ady belli biri tussaglykda ýatyrdy.
17Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilat olardan: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Ýeşuwa Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady. 18Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. 19Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy. 20Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. 21Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden meniň haýsyny boşatmagymy isleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar hem: «Barabbasy» diýip jogap berdiler. 22Pilat olara: «Onda men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olaryň hemmesi biragyzdan: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. 23Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.

24 Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi. 25Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi. 26Şonda Pilat Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.

Esgerler Isany masgaralaýar

(Mark 15:16-20; Ýohanna 19:2,3)

27Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. 28Egin-eşigini çykaryp, egnine gyzyl don geýdirdiler. 29Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar. 30Onuň üstüne tüýkürdiler, taýaklap, başyna urdular. 31Ony masgaralanlaryndan soň, dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler.
Copyright information for TukLat16