Matthew 27:32-44
Isa haça çüýlenýär
(Mark 15:21-32; Luka 23:26-43; Ýohanna 19:17-27)
32Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. 33Olar Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere geldiler. 34Şonda Oňa içirjek bolup, öt garylan şerap berdiler, emma Isa dadanyndan soň, ony içmekden ýüz öwürdi. 35Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar. 36Soňra ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler. 37Depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny asdylar. 38Onuň bilen bile iki garakçy hem haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. 39Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. 40Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. 41Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary, ýaşulular hem Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: 42«Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. Özem Ysraýylyň Patyşasymyş! Onda, goý, Ol häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem Oňa iman edeli. 43Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“diýýär-dä» diýişýärdiler. 44Şeýle hem, Isa bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa sögýärdiler.
Copyright information for
TukLat16