‏ Matthew 27:45-56

Isanyň ölümi

(Mark 15:33-41; Luka 23:44-49; Ýohanna 19:28-30)

45Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. 46 aÖýlän sagat üç töweregi Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. 47Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler. 48Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzatdy. 49Beýlekiler-de: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony halas edermikä?» diýişdiler. 50Isa ýene-de gaty ses bilen gygyryp, jan berdi.

51Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy. 52Mazarlar açylyp, ölen ençeme mukaddes adamlaryň jesedi direldi. 53Olar mazarlardan çykyp, Isa direlenden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler. 54Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler. 55Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa hyzmat edenlerdi. 56Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň
Ýosä – grekçe Ýusup, bu Ýosäniň beýleki ady.
ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy.
Copyright information for TukLat16