‏ Matthew 27:57-61

Isa jaýlanýar

(Mark 15:42-47; Luka 23:50-56; Ýohanna 19:38-42)

57Agşam düşen wagty Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi. Ol hem Isanyň şägirtlerindendi. 58Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilat jesediň oňa berilmegini buýurdy. 59 60Ýusup jesedi alyp, Ony tämiz kepene dolap, gaýada özi üçin oýduryp ýasadan täze mazarynda jaýlady. Onsoň mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy-da, ol ýerden gitdi. 61Magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar.
Copyright information for TukLat16