‏ Matthew 28:1-8

Isa direlýär

(Mark 16:1-10; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)

1 Sabat güni geçenden soň, hepdäniň birinji güni
Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir.
ir säher bilen magdalaly Merýem we beýleki Merýem mazary görmäge gitdiler.
2Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy. 3Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy. 4Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar.

5 Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. 6Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň. 7Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi.

8Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler.
Copyright information for TukLat16