‏ Matthew 28:16-20

Iň soňky tabşyryk

(Mark 16:14-18; Luka 24:36-49; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-8)

16Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi. 17Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi. 18Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. 19Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. 20Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.
Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
Copyright information for TukLat16