Matthew 3:13-17
Isa suwa çümdürilýär
(Mark 1:9-11; Luka 3:21,22)
13Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çümdürilmek üçin Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi. 14Emma Ýahýa Ony saklap: «Sen meni çümdürmeli welin, Seniň Özüň meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi. 15Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi. 16Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi. 17Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi. Matthew 4:1-11
Isa synalýar
(Mark 1:12,13; Luka 4:1-13)
1Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi. 2Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy. 3Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly ▼▼Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.
bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. 4 bEmma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. 5Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: 6 c«Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.
7 dIsa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“diýip hem ýazylgydyr» diýdi. 8Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip: 9«Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi. 10 eIsa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“diýip ýazylandyr» diýdi. 11Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Copyright information for
TukLat16