Matthew 4:1-17
Isa synalýar
(Mark 1:12,13; Luka 4:1-13)
1Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi. 2Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy. 3Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly ▼▼Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.
bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. 4 bEmma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. 5Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: 6 c«Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.
7 dIsa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“diýip hem ýazylgydyr» diýdi. 8Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip: 9«Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi. 10 eIsa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“diýip ýazylandyr» diýdi. 11Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Isa Hoş Habary yglan etmäge başlaýar
(Mark 1:14,15; Luka 4:14,15)
12 Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidende, Jelilä dolandy. 13Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy. 14Şunlukda, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: 15 f«Eý, Zebulun we Naftaly ýurdy!Deňiz ýakasyndaky ýol,
Iordanyň aňyrsy!
Eý, keseki milletleriň ýaşaýan Jelilesi!
16Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi,
tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».
17Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.
Copyright information for
TukLat16