‏ Matthew 4:12-22

Isa Hoş Habary yglan etmäge başlaýar

(Mark 1:14,15; Luka 4:14,15)

12 Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidende, Jelilä dolandy. 13Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy. 14Şunlukda, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: 15 a«Eý, Zebulun we Naftaly ýurdy!
Deňiz ýakasyndaky ýol,
Iordanyň aňyrsy!
Eý, keseki milletleriň ýaşaýan Jelilesi!
16Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi,
tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».

17Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.

Isa ilkinji şägirtlerini saýlaýar

(Mark 1:16-20)

18 Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar. 19Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. 20Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. 21Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy. 22Olar hem dessine gaýyk bilen kakalary Zebedeýi taşlap, Isanyň yzyna düşdüler.
Copyright information for TukLat16