‏ Matthew 5:38-48

Göze – göz, dişe – diş

(Luka 6:29,30)

38 aSiz: „Göz ornuna göz, diş ornuna diş“diýlenini eşidensiňiz. 39Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut. 40Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber. 41Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol ýöre. 42Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.

Duşmanlaryňyzy söýüň

(Luka 6:27-28,32-36)

43 bSiz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“diýlenini hem eşidensiňiz. 44Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.
Käbir golýazmalarda Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, özüňizi ynjadýanlar, yzarlaýanlar üçin Hudaýa doga okaň diýen jümle hem bar.
45Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. 46Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme? 47Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme? 48Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».
Copyright information for TukLat16