‏ Matthew 8:19-22

19Şonda Töwrat mugallymlaryň biri gelip: «Mugallym, Sen nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 20Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.

21Onuň başga bir şägirdi: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 22Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.
Copyright information for TukLat16