Matthew 8:28-34
Isa arwah-jynlary çykarýar
(Mark 5:1-20; Luka 8:26-39)
28 Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň ▼▼Gadaralylar – käbir golýazmalarda gerasalylar. Seret: Luk 8:26; Mar 5:1.
ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi. 29Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar. 30Şol wagt olardan uzagrakda ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. 31Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Eger bizi kowup çykarmakçy bolsaň, onda bizi doňuz sürüsine iber» diýdiler. 32Isa olara: «Baryň!» diýdi. Şeýdip, olar adamlardan çykyp, doňuzlaryň içine girdiler. Şonda tutuş doňuz sürüsi uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 33Çopanlar gaçyp, şähere gitdiler. Olar arwah-jyn eýelän adamlara näme bolandygy baradaky wakalaryň hemmesini halka gürrüň berdiler. 34Onsoň şäheriň tutuş ilaty Isa bilen duşuşmaga geldi. Ony görenlerinde, özleriniň şäherinden gitmegini sorap, Isa ýalbardylar.
Copyright information for
TukLat16