‏ Matthew 9:1-8

Isa ysmazy sagaldýar

(Mark 2:1-12; Luka 5:17-26)

1Onsoň Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, Öz şäherine geldi. 2Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 3Şonda käbir Töwrat mugallymlary içinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler. 4Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz? 5Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“diýmek? 6Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 7Ol hem ýerinden turdy-da, öýüne gitdi. 8Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy
Gorky gaplap aldy – käbir golýazmalarda haýran galdy.
. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Copyright information for TukLat16