‏ Matthew 9:9-13

Matta şägirtlere goşulýar

(Mark 2:13-17; Luka 5:27-32)

9 Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. 10Isa Mattanyň öýünde saçak başynda otyrka, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler. 11Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. 12Isa muny eşidip: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. 13 aÝöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
Copyright information for TukLat16