Numbers 28:1-8
Her gün berilmeli gurbanlyklar
(Müsürden çykyş 29:38-43; Lewiler 6:8-13)
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr. 3Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun. 4Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler. 5Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze ▼▼Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir.
sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler. 6Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr. 7Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar. 8Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.
Copyright information for
TukLat16