Numbers 28:16-25
Pesah gurbanlygy
(Lewiler 23:3-32)
16Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. 17Şu aýyň on bäşi güni baýramdyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. 18Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 19Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür ediň. 20Olaryň galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolsun. Her öküz üçin bir batmanyň ondan üç möçberindäki uny, goç üçin bolsa bir batmanyň ondan iki möçberindäki uny hödür etsinler. 21Ýedi toklynyň her biri üçin, bir batmanyň ondan bir möçberindäki uny hödür etsinler. 22Olar günälerinden saplanmak üçin, günä gurbanlygy hökmünde bir tekäni gurbanlyk etsinler. 23Bulary gündelik berilýän gurbanlyklara degişli bolup, irden berilýän ýakma gurbanlyklaryň daşyndan hödür etsinler. 24Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin. 25Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler.
Copyright information for
TukLat16